SYÝASAT
1 minut okamak
Hamas bilen töwellaçylaryň arasynda geçirlen gepleşikler netijeli geçdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Şarm Al-Şeýhde geçirilýän aýlawly gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.
Hamas bilen töwellaçylaryň arasynda geçirlen gepleşikler netijeli geçdi
Hamas bilen töwellaçylaryň arasynda geçirlen gepleşikler netijeli geçdi
7 Oktýabr 2025

Müsüriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, Müsürde Hamas bilen töwellaçylaryň arasynda Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin geçirlen gepleşikleriň birinji tapgyry netijeli geçdi.

Al-Qahere Nýus, gepleşikleriň Gyzyldeňiziň kenarynda ýerleşýän dynç alyş şäherçesi Şarm Al-Şeýhde geçirlendigini we gepleşik tapgyrynyň dowam etjekdigini mälim etdi.

Ysraýylly wekiliýet hem aýlawly gepleşikler üçin duşenbe güni şähere geldi.

Gepleşikler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň uzak möhletli ylalaşyk we Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesirleriň we tussaglylaryň boşadylmagy üçin beren teklibine laýyklykda geçirilýär.

Oňyn atmosfera

Müsüriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri töwellaçylar bilen Hamasyň arasyndaky gepleşikleriň netijeli geçendigini habar berdi.

Hamasly wekiliýetiň gepleşiklerde Ysraýylyň Gaza guraýan bombaly hüjümlerini dowam etdirmeginiň ýesir çalşygyna zeper ýetirýändigine ünsi çekendigi nygtaldy.

Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky aýlawly gepleşikler duşenbe günü agşamlara Müsüriň, Kataryň we ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde başlady.

Tramp: “Uly öňegidişlik”

Duşenbe güni Ak Tamda metbugata beýannama beren Tramp, Gaza meselesinde ylalaşyk gazanylmagy boýunça öňe gidişligiň edilendigini aýtdy.

Hamasyň gepleşiklerde içgin çemeleşýändigini aýdan Tramp “Hamas esasy ugurlary kabul edýändigini beýan etdi” diýdi.

Tramp degişli taraplaryň meýilnamanyň üstünde işleýändigini belledi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunuň teklibe oňyn garaýandygyny aýdan Tramp, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen hem mesele hakynda pikir alyşandygyny we Erdoganyň Gazada ylalaşyk gazanylmagy üçin tagalla edýändigini belledi.

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär