TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy “Ýaýlym guramasynyň elindäki iň uly baýlygy we daýanjy halkyň ynamydyr. TRT hökmünde biz hem ynamy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýörelgeli syýasatdan alýarys. Türkiýäniň hakykat we adalat ölçegleri şol sebäpli hem TRT-niň ýaýlymlarynyň esasy ölçegidir” diýdi.
Stambul Kongres merkezinde şu ýyl 10-njysy geçirilýän “Merkezleşdirilmedik dünýä: Düzgünler güýjüni ýitirende kim öňbaşçylyk eder” temasy bilen geçirilýän TRT World Forum 2026-nyň açylyş dabarasynda çykyş eden Zahid Sobajy, Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilýän forumda 43 ýurtdan 150 adamyň çykyş etjekdigini aýtdy.
Foruma 2 müň adamyň gatnaşýandygyny aýdan TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy, şu ýyl dünýäde başdan geçirilýän kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin “Merkezleşdirilmedik dünýä: Düzgünler güýjüni ýitirende kim öňbaşçylyk eder” temasyny saýlap alandyklaryny belledi.
Şu günki günde halkara hukugynyň sesiniň aşa güýç ulanylmagy sebäpli eşidilip bilinmeýändigini nygtan Sobajy, “Bu ulgamy goramak üçin döredilen guramalar, genosid ýaly adamzadyň iň agyr synagyna garşy durup bilmeýär. Düzgünleri kesgitlänler öz goýan çäklerinden çykýar. Emin agzalyk edýänler bolsa adalatyň terezisini güýçlüleriň bähbidine tarap gyşardýar. Şol bir wagtda 1945-nji ýyldan soň gurlan halkara ulgam çalt depginde dargaýar we öz ähmiýetini ýitirýär. Merkeziň çökmegi bilen güýç indi dürli sebitleriň, bileleşikleriň we täze hyzmatdaşlyk platformalarynyň arasynda paýlaşylýar. Şu günki günde dünýäde hiçbir döwlet özüni ýeke-täk merkez hökmünde yglan edip bilmeýär”diýdi.
Türkiýäniň roly
Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainany birnäçe gezek gepleşik stoluna oturdan, Afrikada çaknyşýan taraplary bir ýere jemlän, Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnandygyna ünsi çeken Sobajy, “Şu günki günde dünýä öz merkezini ýitiren bolup biler. Emma kynçylyklaryň çözgüdi gözlenende haýsy gapynyň kakylmalydygyny hemmeler bilýär. Global syýasatda merkez dargaýan bolsa, täze maglumat gurşawynda, tersine merkezleşme hadysasy bolup geçýär. Tehno-feodalizm ulgamynda ähliumumy algoritmik gözegçilik mehanizmi kemala getirilýär” diýip belledi.
Sobajy,“Türkiýäniň TRT-si hökmünde biziň esasy wezipämiz ezilen halklaryň başdan geçirýän wakalaryny, Prezident R. T. Erdoganyň we Türkiýäniň olaryň hukuklaryny goramak üçin edýän tagallasyny dünýäniň çar tarapyna ýetirmek”diýdi.





















