SYÝASAT
2 minut okamak
TRT World Forum 2026-da “Türkiýe: Sebitleýin güýçden sebitara aktýora” atly oturluşyk geçirildi
Stambulda geçirilýän TRT World Forum 2026-nyň çäginde “Türkiýe: Sebitleýin güýçden sebitara aktýora” atly oturluşyk geçirildi.
TRT World Forum 2026-da “Türkiýe: Sebitleýin güýçden sebitara aktýora” atly oturluşyk geçirildi
TRT World Forum 2026-da “Türkiýe: Sebitleýin güýçden sebitara aktýora” atly oturluşyk geçirildi

Stambulda geçirilýän TRT World Forum 2026-nyň çäginde “Türkiýe: Sebitleýin güýçden sebitara aktýora” atly oturluşyk geçirildi.

TRT Worlden Alijan Aýanlaryň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen oturluşykda Malaýziýanyň Wise-premýer, Ahmed Zahid Hamidi, BMG-nyň  Baş sekretarynyň Parahatçylyk operasiýalaryndan jogapkär orunbasary Ýan Pierre Lakrua, Amerikan Arap merkezinin başlygy Farah al-Attasi, SETA-nyň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça müdüri Murat Ýeşiltaş çykyş etdi.

Amerikan Arap merkeziniň başlygy Atassi, Türkiýäniň diplomatiýa taýdan ABŞ-nyň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmegini höweslendirendigini nygtady we munyň Siriýanyň halkara bank ulgamyna gaýtadan goşulmagyna, şeýle hem maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň döremegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň dialoga goldaw berýändigini nygtan Atassi, “Siriýada täze döwrüň başlamagyndan soň Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklar ösmäge başlady. Indi özara gatnaşyklarymyzy geçmişiň syýasy we howpsuzlyk aladalary däl eýsem ykdysadyýet, maýa goýumlar we strategik mümkinçilikler kesgitleýär” diýdi.

Arap dünýäsiniň Türkiýäni ynamdar strategik hyzmatdaş hökmünde görýändigini aýdan Atassi, Türkiýäniň sebit ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly rol oýnaýandygyny ýatlatdy.

Atassi Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan soň iki ýurduň arasynda millionlarça dollarlyk söwda şertnamasynyn baglaşylandygyna ünsi çekdi.

“Waşingtonyň garaş-gör” çemeleşmesi

Atlantij Jounji guramasynyň ylmy işgäri Outzen dünýäde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çylşyrymly ýagdaýa gelendigini we hiçbir döwletiň halkara ulgamyna özbaşyna ýolbaşçylyk edip bilmejekdigini belledi.

ABŞ-nyň dünýäde liderligini dowam etdirmegi üçin ýaranlarynyň goldawyna mätäçdigini nygtan Outen, Türkiýäniň NATO agza bolmak bilen birlikde diplomatiýa we strategiýa taýdan öz mümkinçiliklerini ösdürýändigini belledi.

Outzen Türkiýäniň çaknyşýan taraplar bilen aragatnaşyk saklamak bilen ABŞ-nyň diplomatik tagallalaryna uly goşant goşýandygyny nygtady.

Liwanda BMG-nyň harby güýjüniň öz işini tamamlamagyndan soň abanýan howplar

BMG-nyň Baş sekretarynyň parahatçylyk operasiýalaryndan jogapkär orunbasary Lakrua, Türkiýäniň esasan Gara deňiz sebitinde uly rol oýnaýandygyny ýataltdy. Lakrua Türkiýäniň bu ugurda goşan goşandynyň onuň BMG üçin ygtybarlygy hyzmatdaşdygyny görkezýändigini aýtdy.

Lakrua BMG-nyň Liwandaky harby güýjüniň öz işini tamamlamagyndan soň howpsuzlyk we ynsanperwerlik taýdan uly howpuň ýüze çykyp biljekdigine ünsi çekdi.