SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi
Prezident Erdogan saparynyň çäginde kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşar.
Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi
Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Prezident R. T. Erdogan, 8-nji noýabr Azerbaýjanyň Ýeňiş gününe bagyşlanan çäreleri gatnaşmak üçin Stambuldan Garabaga gitdi.

Ýeňiş gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident Erdogany Atatürk howa menzilinde Wise-prezident Jewdet Ýylmaz bilen Stambulyň gubernatory Dawut Gül ugratdy.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde aýaly Emine Erdogan bilen birlikde Daşary işler ministri Hakan Fidan, Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri İbrahim Ýumakly, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhannetin Duran, Türki döwletler bilen edilýän gatnaşyklardan jogapkär edaranyň başlygy Kürşad Zorlu we Türki döwletler guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym ýoldaşlyk edýär.

Erdogan Aliýew bilen duşuşar

Prezident Erdogan ýeňiş baýramyna bagyşlanan çärelere Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bilen birlikde gatnaşar.

Erdogan Azerbaýjana guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Aliýew bilen hem duşuşar.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky taryhy doganlyk gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Erdogan-Aliýew duşuşygynda sebitara we halkara meseleler hem gün tetibine getirler.