SYÝASAT
1 minut okamak
DKTR-na goldaw bermäge dowam ederis
Daşary işler ministri Hakan Fidan, hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
DKTR-na goldaw bermäge dowam ederis
Daşary işler ministri Hakan Fidan, hemaýatkär ýurt hökmünde DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran iş sapary hakynda maglumat berdi.

DKTR-na guran saparynyň netijeli geçendigini nygtan Fidan, saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Tufan Erhürman, Premýer-ministr we Daşary işler ministri Tahsin Ertugruloglu bilen duşuşandygyny aýtdy.

Fidan duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Kipr meselesinde başdan geçirlen soňky wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkiýäniň Kipr türk halkynyň howpsuzlygyna, durnuklulygyna we galkynyşyna uly ähmiýet berýändigini nygtan Fidan, “Ene watan we hemaýatkär döwlet hökmünde Kiprli türk doganlarymyzyň erkinligi, durnuklylygy we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin goldaw bermäge dowam ederis. Kipr meselesiniň çözgüdi Adada deň hukukly iki döwlete esaslanmaly” diýdi.

Daşary işler ministri Fidan, Prezident R. T. Erdoganyň, BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda ýene-de bir gezek Kipr meselesine ünsi çekendigini ýatlatdy.

Hakan Fidan, Türkiýäniň ähli platformalarda Kipr türk halkynyň hak-hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, DKTR bilen arkalaşygyny ähli taraplaýyn güýçlendirmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.