Russiýa bilen Owganystan galla, un, derman we energiýa enjamlarynyň üpjünçiligi ýaly birnäçe ugur boýunça şertnama gol çekişdi.
Russiýanyň Wise-premýeri Alekseý Owerçuk, Owganystanyň paýtagty Kabulda geçirlen Russiýa-Owganystan işewürler forumyndan soň metbugata beýannama berdi.
Iki ýurduň arasynda giň gerimli söwda şertnamasynyň baglaşylandygyny aýdan Owerçuk “Galla, un, derman we energiýa enjamlarynyň üpjünçiligi ýaly birnäçe ugur boýunça şertnama gol çekişdik”diýdi.
Owerçuk şertnama laýyklykda Owganystanyň hem Russiýa ter gök we miwe önümlerini eksport etjekdigini aýtdy.
Owerçuk Owganystanyň energiýa pudagy bilen birlikde Russiýa bilen saglygy goraýyş taýdan hem ýakyndan gatnaşyk etmek isleýändigini nygtady.






















