Syn we garaýyşlar
SYÝASAT
2 minut okamak
BMG-niň Baş sekretary COP31-de “Howa Adalaty hakyndaky” ylalaşygy kabul etmäge çagyrdy
BMG-niň Baş sekretary global ýylylygyň öňüni almak üçin gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwrülmegi baradaky tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmelidigini nygtady.
BMG-niň Baş sekretary COP31-de “Howa Adalaty hakyndaky” ylalaşygy kabul etmäge çagyrdy
BMG-niň Baş sekretary COP31-de “Howa Adalaty hakýndaky” ylalaşygy kabul etmäge çagyrdy / َAA

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş çarşenbe güni umumy jogapkärçilik ýörelgesine esaslanýan täze Howa adalaty hakyndaky ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi.

Guterreş COP31-de gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwürmek işiniň depgininiň güýçlendirilmegi üçin çagyryş etdi.

Guterreş Türkiýede geçirilýän BMG-niň Howa konferensiýasynyň liderler sammitinde eden çykyşynda “Bize umumy jogapkärçilige, umumy howpsuzlyga we umumy bähbide esaslanýan täze Howa adalaty hakynda ylalaşyk gerek” diýdi.

BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlaryň umumy emma tapawutlandyrylýan jogapkärçilik ýörelgesine laýyklykda öz borçlaryny ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Teklip edilen çarçuwa 4 ugra esaslanýar: gazylyp alynýan ýangyçlardan arassa energiýa geçiş etabynyň adalatly ýagdaýda depginini güýçlendirmek, goragsyz ilaty goramak, ýeterlik maliýe serişdelerini üpjün etmek we geosyýasy düşnüşmezlikleriň ýerine hyzmatdaşlygy ileri tutmak.

Guterreş global ýylylygyň 1,5°J derejesindäki çäkden geçmeginiň öňüni almak üçin, gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça mümkinçiligiň 2035-nji ýyla çenli 2025-nji ýyldaky derejesi bilen deňeşdirilende 3 esse artdyrylmalydygyny, şol bir wagtyň özünde kömür bilen işleýän energiýa önümçiliginiň azyndan 75 göterim azaldylmalydygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary ösen ýurtlary 2035-nji ýyla çenli her ýyl azyndan 300 milliard dollarlyk maliýe serişdesini bölüp bermäge çagyrdy.

Guterreş dünýäniň iň uly nebit kampaniýalarynyň garaşylmadyk ýokary girdejilerinden salgyt alynmagyny teklip etdi.

Dünýäniň uly 9 nebit kompaniýasynyň geçen çärýekde 95 milliard dollarlyk girdeji gazanandygyny aýdan Guterreş, şol girdejileriň ejir çekýän goragsyz ýurtlara goldaw bermek üçin ulanylmalydygyny belledi.