SYÝASAT
1 minut okamak
Beýik lider Atatürk üçin döwlet dabarasy geçirildi
Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aradan çykan wagty bolan 09.05-de aramgähde hormatly dykyşlyk etdi.
Beýik lider Atatürk üçin döwlet dabarasy geçirildi
Beýik lider Atatürk üçin döwlet dabarasy geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy beýik lider Mustafa Kemal Atatürk, aradan çykan gününiň 88-nji ýylynda aramgähde geçirlen döwlet dabarasy bilen hatyralandy.

Aramgähdäki dabara sagat 08-45-de döwlet ýolbaşçylarynyň Arslanly ýoldaky ýörişi bilen başlady.

Prezident R. T. Erdogan gyzyl-ak güllerden ybarat bolan aý-ýyldyzly gül dessesini Atatürkiň guburyna goýdy.

Atatürkiň 88 ýyl ozal aradan çykan wagty bolan 09.05-de hormatly dymyşlyk edildi we döwlet senasy ýerine ýetirildi.

Hormatly dymyşlyk wagty Türkiýäniň baýdagy ýarysyna çenli aşakladyldy.

Prezident R. T. Erdogan aramgähiň ýörite depderine: “Eziz Atatürk, baky uka giden günüňiziň 88-nji ýylynda sizi, egindeşleriňizi, Garaşsyzlyk urşuna ýolbaşçylyk eden gahryman Mejlisimiziň hormatly agzalaryny, watanymyzyň geljegi üçin janlaryny pida eden şehitlerimizi we halkymyz üçin uly jebir-jepa çeken gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys”

“Sebitimiziň we dünýäniň çar tarapynda uly kynçylyklaryň başdan geçirilýän döwründe Türkiýe Respublikasyny 86 millionlyk ilatynyň eşretli geljegi üçin ähli mümkinçiliklerimiz bilen herekete geçdik. Halkymyz bilen egin-egine şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň mukaddes mirasy bolan bu jennet watany ösdürmek üçin egilşiksiz tutumymyzy dowam etdireris. Ýatan ýeriň ýagty, ruhuň şat bolsun” diýip ýazdy.