SYÝASAT
1 minut okamak
Prezident Erdogan: Biz ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge dowam ederis
Prezident R. T. Erdogan, “Türkiýe hökmünde ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Prezident Erdogan: Biz ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge dowam ederis
Prezident Erdogan: Biz ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge dowam ederis / Anadolu Agency (Wire)

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Palestin döwletiniň gurlan gününiň 38 ýyllygy mynasibetli sosial media platfotmasy arkaly beren habarnamasynda, “Türkiýe hökmünde ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan habarnamasynda “Dost we doganlyk Palestin döwletini 38 ýaşy bilen mähirli gutlaýaryn, zuluma we basyşa garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýän gahryman palestin halkyna ýalkymly salam bolsun. Türkiýe hökmünde ähli platformalarda Palestine goldaw bermäge, 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, garaşsyz we özygtyýarly Palestin döwletiniň ykrar edilmegi üçin egilşiksiz tutumumuzy dowam etdireris. Palestin halkynyň erkinligi we eşretli geljegi üçin ähli taraplaýyn tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.