Kataryň Emiri Temim bin Hamed Al Sani, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen sebitdäki dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän diplomatik tagallalar, Kataryň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşik etabyndaky töwellaçylyk roly hakynda pikir alyşdy.
Kataryň Emirliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Al Sani bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Al Sani bilen Tramp telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Kataryň Emiri Temim bin Hamed Al Sani, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen sebitdäki dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän diplomatik tagallalar, Kataryň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşik etabyndaky töwellaçylyk roly hakynda pikir alyşdy.
Telefon söhbetdeşliginde başdan geçirilýän krizisleriň ortadan aýrylmagy we sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalar hem gün tertibine getirildi.
Katar, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we Ormuz bogazynyň gaýtadan açylmagy üçin taraplar bilen gepleşikler geçirýär.





















