SYÝASAT
2 minut okamak
Eýran: ABŞ-nyň Keşm adasyna guran hüjümlerinde esasy infrastruktura desgalaryna zeper ýetmedi
Resmi Tähran strategik ähmiýetli Ormuz bogazynyň golaýynda bolan partlamalardan soň, tiz kömek toparlarynyň doly hüşgär ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Eýran: ABŞ-nyň Keşm adasyna guran hüjümlerinde esasy infrastruktura desgalaryna zeper ýetmedi
[ARHIW] 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Eýranyň Ormuz bogazyndaky kenarlarynyň we Keşm adasynyň görnüşi. / Reuters

Eýranyň welaýatdaky resmilerinden biri duşenbe güni beren beýanatynda, ABŞ-nyň gije Eýranyň Keşm adasyna guran hüjümleriniň ýaşaýyş zolaklaryna, söwda nokatlaryna ýa-da esasy infrastruktura hiç hili zeper ýetirmändigini aýtdy.

Ýarym-resmi "Fars" habar agentliginiň habar bermegine görä ýurduň günortasyndaky Ormozgan welaýatynyň häkiminiň syýasy, howpsuzlyk we jemgyýetçilik meseleler boýunça orunbasary Ahmad Nafisi hüjüm guralan ýerleriň ýaşaýyş zolaklaryndan, iş ýerlerinden we jemgyýetçilik hyzmatlaryna degişli desgalardan alysda ýerleşendigini mälim etdi.

Nafisi: "Hüjüm edilen ýerler ýaşaýyş, söwda we jemgyýetçilik hyzmatlary infrastrukturasynyň çäginden daşarda ýerleşýär; şonuň üçin adanyň esasy infrastrukturasyna ýa-da esasy hyzmatlaryna hiç hili zeper ýetmedi" diýdi.

Tiz kömek toparlary doly hüşgärlik derejesinde

Nafisi Keşm adasyndaky ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny, tiz kömek toparlarynyň, jemgyýetçilik hyzmatlary bölümleriniň we dolandyryş edaralarynyň doly hüşgärşlik derejesinde galýandygyny beýan etdi.

Bu beýanat ýekşenbe güni agşam günortadaky port şäheri Bender-Abbasda we onuň golaýyndaky Keşm adasynda partlamalaryň bolup geçendigi baradaky habarlardan soň berildi.

"Fars" habarlar gullugy partlamalaryň Hormuz bogazynda gatnaw düzgünlerini bozmakda şübhelenilýän gämilere garşy edilen duýduryş atyşlary sebäpli bolup biljekdigini mälim edipdi. Emma Eýranyň resmileri wakanyň sebäbi barada resmi maglumat bermediler.

Dartgynlygyň merkezinde strategik suw ýoly durýar

Keşm adasy Bender-Abbas şäheriniň golaýynda, Ormuz bogazynyň ýalpaklarynda ýerleşýär. Ol dünýä boýunça nebit eksportynyň esli böleginiň geçýän möhüm deňiz ýoly hasaplanýar.

Bu wakalar, dartgynlygy azaltmaga gönükdirilen diplomatik tagallalara garamazdan, Waşington bilen Tähranyň arasynda bogazdaky howpsuzlyk we gatnaw azatlygy meselesi boýunça dartgynlygyň dowam edýän günlerinde bolup geçdi.