SYÝASAT
2 minut okamak
Hamas: Netanýahu ýesirleri pida etmegi saýlap aldy
Hamas Netanýahunyň Gazany gaýtadan basyp almak hakyndaky meýilnamasynyň ýesirleri “şahsy bähbitleri üçin pida etmek” arzuwyny tassyklaýandygyny beýan etdi.
Hamas: Netanýahu ýesirleri pida etmegi saýlap aldy
Hamas: Netanýahu ýesirleri pida etmegi saýlap aldy
8 Awgust 2025

Palestiniň söweşjeň topary Hamas Gazany gaýtadan basyp almak hakyndaky meýilnamany ara alyp maslahatlaşýan Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň basylyp alynan ýerlerde saklanýan ysraýylly ýesirleri pida edendigini habar berdi.

Hamasyň penşenbe güni berlen beýannamasynda; “Netanýahunyň hüjüme meçew berme meýilnamalary ýesirlerden halas bolmak we olary şahsy bähbitleri bilen radikal ideolik düşünjesiniň ugrunda pida etmek arzuwyny şek-şübhesiz tassyklaýar” diýdilýär.

Beýannamada Netanýahunyň howpsuzlyk kabinetiniň Gazadaky genosidiň giňeldilmegini ara alyp maslahaşýan mejlisi dowam edýärkä berildi. Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri onuň Palestiniň territoriýasynyň dolulygyna harby taýdan basylyp alynmagy bilen baglydygyny habar berdi.

Ysraýtylyň jemgyýetçilik ýaýlym organy “KAN” adynyň tutulmagyny islemedik resmi adamlara esaslandyran habarynda Netanýahunyň Gazadaky genosidiň başlamagyndan bäri geçirilen iň ynjyk mejlislerden birindi “ýeňil” we “tapgyrlaýyn” strategiýa hödürländigini beýan etdi.

Habarda beýan edilmegine görä meýilnama Baş ştabyň Başlygy Eýal Zamiriň garşy durmalaryna garamazdan Ysraýylyň basyp alyjy güýçleriniň Gaza şäheriniň merkezinde Hamasyň tälim beriş düşelgeleri atlandyrylýan ýerleri we Gaza şäherinde ozal alynmadyk ýerleri almagy göz öňünde tutýar.

Netanýahu ABŞ-nyň “Fox Nýus” ýaýlymyna penşenbe güni beren interwýusynda Ysraýylyň Gazany dolulygyna gözegçilik astyna almagy meýilleşdirýändigini, emma “almagy” ýa-da dolandyrmagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.

Hamas; “Harby jenaýatçy Binýamin Netanýahunyň “Fox Nýuse” beren interwýusynda beren beýanatyna jogap hökmünde “Meýilleşdirýän zady Gazadaky pelstin halkyna garşy edýän jenaýatlaryny giňeldip, genosid we zor bilen göçürme syýasatynyň dowamydyr” diýdi.

Araplar diňe bir palestinlileriň kabul eden şertlerini goldar

Beýleki tarapdan irodan resmisi “Reýter” habarlar gullugyna beren beýanatynda Netanýahunyň Gazany dolandyrmak üçin arap güýçlerine bermek isleýändigini beýanat etmeginden soň araplaryň “diňe palestinlileriň kabul eden we karar beren şertlerini goldajakdygyny” aýtdy.

Resmi; “Gazada howpsuzlyk Palestiniň kanuny guramalary arkaly ýola goýulmaly” diýdi.

Netanýahu dolandyryş ulgamy ýa-da oňa haýsy arap ýurtlarynyň degişli boljakdygyny hakynda maglumat bermedi.

İordan resmisi Netanýahunyň beýanatyna iň ýakyn arap goňşularyndan birinden görkezilen reaksiýa hökmünde; “Araplar Netanýahunyň syýasatlaryny kabul etmez we onuň yzyny arassalamaz” diýdi.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gazada eden genosidi müňlerçe palestinliniň ölmegine sebäp boldy. Palestinli resmileriň beýan etmegine görä Ysraýyl tarapyndan öldürilen palestinlileriň sany 61 müňden geçdi. Ölenleriň esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat.

Palestiniň resmi habarlar gullugy “WAFA” 11 müňe golaý palestinliniň ýykylan öýleriň harabalygynyň aşagyndadygyny çaklaýar.

Bilermenler Gazadaky hakyky adam pidalarynyň resmi görkezijilerden has ýokarydygyny, onuň 200 müňe ýetip biljekdigini beýan edýär.

2023-nji ýylda Hamas tarapyndan alynan 251 ýesirden 49 sanysy henizem Gazada saklanýar we goşun 27 sanysynyň ölendigini çak edýär. Hamas birnäçe ýesiriň Ysraýylyň howa hüjümlerinde ölendigi beýan edýär.  

Ysraýyl 11 müňe golaý palestinlini zamun alyp, tussag etdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär