Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümleriniň tutuş sebiti gurşap almazdan bes edilmelidigini we dartgynlyklaryň diplomatiýa arkaly çözülip bilinjekdigini aýtdy.
Çarşenbe güni partiýasynyň mejlis toparynda çykyş eden Erdogan, Türkiýäniň gepleşikleriň gaýtadan başlamagy üçin diplomatiýa taýdan edýän tagallasyny dowam etdirýändigine ünsi çekdi.
Ýagdaýyň ynjyklygy sebäpli Türkiýäniň seresaply çemeleşýändigini aýdan Prezident Erdogan, daş-töweregindäki çaknyşyklardan çetde durmak üçin degişli çäreleriň görlendigini sözleriniň üstüne goşdy.
Prezident Erdogan Türkiýäniň sebitinde başdan geçirilýän krizisler bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny, dostlaryna we doganlaryna goldaw berýändigini ýatlatdy.













