Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iýul aýynyň 7-8-i aralygynda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Hakan Fidan Singapura guran saparynyň çäginde beren beýannamasynda, Trampyň sammite gatnaşyp biljekdigini aýtdy.
Prezident R. T. Erdoganyň geçen aý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen birnäçe gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Trampyň her gezeginde sammite gatnaşjakdygyny aýdandygyny nygtady.
Ministr Fidan Waşingtonyň NATO-nyň hataryndan çekilmek isleýändigini görkezýän hiç hili alamatyň ýokdygyny aýtdy.
Beýannamasynda sebitara we halkara meseleler hakynda hem durup geçen Hakan Fidan, Ankaranyň ABŞ bilen Eýranyň arasynda geçirilýän gepleşiklere goldaw berýändigini belledi.
Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň Liwanyň günortasynda Hizbullahy nyşana alýan hüjümleriniň gepleşiklere zeper ýetirip biljekdigini aýdan Hakan Fidan, “Amerikalylaryň we eýranlylaryň içgin herket edýändiklerine ynanýarys. Olar atyşygyň bes edilmegi we Ormuz bogazynyň açylmagyny isleýär. Emma Ysraýylyň niýetini bilmeýäris” diýdi.






















