DÜNÝÄ
1 minut okamak
Parižde müňlerçe adam bilim pudagyna has köp bujetiň bölünip berilmegi üçin ýöriş geçirdi
Polisler bolsa iş şertleriniň kadalaşdyrylmagy talaby bilen köçä çykdy.
Parižde müňlerçe adam bilim pudagyna has köp bujetiň bölünip berilmegi üçin ýöriş geçirdi
Parižde müňlerçe adam bilim pudagyna has köp bujetiň bölünip berilmegi üçin ýöriş geçirdi / Anadolu Agency (Wire)
 

Fransiýanyň paýtagty Parižde müňlerçe adam bilim pudagyna has köp bujetiň bölünip berilmegi talaby bilen ýöriş geçirdi.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň çagyryşyna laýyklykda müňlerçe okuwçy we mugallym düýn ýerli wagt bilen sagat 14.00-da Bastille meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

Protest ýörişinde bilim pudagyna has köp bujetiň bölünip berilmegi talap edildi.

Pantegon ýadigärligine çenli ýörän protestçylar “400 okuwçy kowuldy” we “Zorluga ýol berilmesin” diýlen şygarlary göterdi.

Protest ýörişinde şeýle hem ýokary okuw jaýlaryna has köp talybyň kabul edilmegini we mekdeplerde mugallymlaryň sanynyň artdyrylmagy talap edildi.

Beýleki tarapdan polis gullukçylary hem paýtagt Pariž bilen birlikde başga şäherlerde polis merkezleriniň öňünde bir ýere jemlenişdi.

Polisler iş şertleriniň kadalaşdyrylmagyny we aýlyk günlükleriniň 35 göterim artdyrylmagyny talap etdi.