Terror guramasy PKK/KJK Yragyň demirgazygynda Hakurk etrabynda ýerleşýän ýene-de 14 gaçybatalasyny hatardan çykarandygyny habar berdi.
Howpsuzlyk çeşmelerinden berlen maglumata görä, “Milli arkalaşygy we jemygyýetçilik agzybirligi pugtalandyrmak” maksadyna laýyklykda, sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin alnyp barylýan egilşiksiz göreş dowam edýär.
Türkiýäniň howpsuzlygy taýdan çaknyşyk howpy bolan gaçybatalgalaryň hatardan çykarylmagy üçin edilýän tagallalaryň çäginde terror guramasy PKK/KJK 2026-njy ýylyň 8-nji okýabrynda Yragyň demirgazygyndaky Metina we Baze etraplarynda ýerleşýän Hebat, Ýažk, Sabri we Sason gaçybatalgalaryny hatardan çykarypdy.
Terror guramasy PKK/KJK 18-nji noýabrda hem Hakurkda ýerleşýän Jigertepe, Şerif, Alişer, Kendekola, Terzihane, Mazlum Dogan we Hemin ýaly 14 gaçybatalgasyny hatardan çykardy.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada terror guramasynyň gowaklaryny we gaçybatalgalaryny hatardan çykarandygy nygtaldy.















