SYÝASAT
1 minut okamak
“Kipri asla ýalňyz goýmarys”
Prezident R. T. Erdogan, DKTR-nyň gurlan gününiň 43 ýyllygy mynasibetli beren ýüzlenmesinde “Kipr biziň milli gowgamyz. Kipri asla ýalňyz goýmarys” diýdi.
“Kipri asla ýalňyz goýmarys”
“Kipri asla ýalňyz goýmarys” / َAA

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň gurlan gününiň 43 ýyllygy mynasibetli sosial media arkaly beren habarnamasynda “DKTR-nyň gurlan gününiň 43 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn, gahryman şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn we gahrymanlarymyza uly minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Prezident Erdogan “DKTR bilen ähli taraplaýyn arkalaşykly hereket etmäge dowam ederis. Kipr biziň milli meselämiz we Kipri asla ýalňyz goýmarys” diýip belledi.