Ýewropa howa gatnawy gullugy EUROCONTROL-yň 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 2-8-i aralygynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili ady agzalýan döwürde günde ortaça 1384 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.
Stambul howa menzilinden soň günde 1292 uçar sapary bilen Madrid howa menzili ikinji, 1274 uçar sapary bilen Amsterdam üçünji, 1260 uçar sapary bilen Pariž Çarles de Gaulle dördünji orny eýeledi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Günde 774 uçar sapary bilen Stambul Sabiha Gökçen howa menzili Ýewropanyň iň uly 10-njy howa menzili boldy.























