TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny garaşsyzlygynyň 43 ýyllygy bilen gutlady
Daşary işler ministrligi,Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) döredilmeginiň 43 ýyllygy mynasybetli NSosial media hasabyndan habarnama çap etdi.
Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny garaşsyzlygynyň 43 ýyllygy bilen gutlady
Türkiýäniň we DKTR-nyň baýdaklary / TRT Haber

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) döredilmeginiň 43 ýyllygyny gutlap, DKTR-nyň beýik türk milletiniň aýrylmasyz bölegi bolan kiprli türkleriň öz özygtyýarlylygyndan we azatlygyndan hiç haçan ýüz öwürmejekdiginiň subutnamasydygyny beýan etdi.

Ministrlik DKTR-nyň döredilmeginiň 43 ýyllygy mynasybetli NSosial media hasabynda n habarnama çap etdi.

Habarnamada şeýle diýilýär: "Kipriň türk halkynyň özygtyýarlylyk we garaşsyzlyk ugrundaky gahrymançylykly göreşiniň iň esasy nyşany bolan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilmeginiň 43-nji ýyly gutly bolsun! Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, beýik türk milletiniň aýrylmasyz bölegi bolan kiprli türkleriň özygtyýarlylygyndan we azatlygyndan hiç haçan ýüz öwürmändiginiň hem-de hiç haçan-da ýüz öwürmejekdiginiň subutnamasydyr."

Ene watan we hemaýatkär döwlet bolan Türkiýäniň güýçli goldawy bilen Kipriň türk halkynyň öz ata-baba topragynda, şöhratly baýdagynyň astynda, azat-erkana we howpsuz şertlerde ebedi ýaşamaga dowam etjekdigi nygtalýan habarnamada şeýle diýilýär:

"Bu buýsançly günde DKTR-iň esaslandyryjy prezidenti merhum Rauf Raif Denktaşy we merhum Dr. Fazyl Küçügi minnetdarlyk we hormat bilen hatyralaýarys; bu göreşde şehit bolan esgerlerimizi hem-de göreşijilerimizi rehmet bilen ýatlaýarys, şeýle-de weteranlarymyza çuňňur hormat-sarpa goýýarys."