Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Esasan hem, Terrorsyz Türkiýe tapgyryny iň giň syýasy we jemgyýetçilik ylalaşyk bilen öňe sürmegi maksat edinýäris. Emma şeýle meseläniň syýasy şantaj guraly hökmünde ulanylmagyna ýol bermeris" diýdi.
Prezident Erdogan Prezident köşgünde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.
"Terrorsyz Türkiýe tapgyry diňe howpsuzlyk syýasatyndan ybarat däldir" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Elbetde, terrorçylyk meselesi aradan aýrylanda, Türkiýäniň ähli dowamly meseleleri çözülmez. Biziň öňümizde raýat syýasatynyň meselelerini çözmek ukybyny güýçlendirmek, demokratiýany agdarylyşyk konstitusiýasynyň utanjyndan azat etmek we milli jebisligi we sosial integrasiýany berkitmek ýaly köp meseleler bar we şeýle bolmagynda hem galar. Dünýä üýtgedigi saýyn, Türkiýe üýtgedigi saýyn, jemgyýetiň tamalary hem üýtgär we bular syýasy edaralaryň gün tertibine geler" diýip nygtady.
Prezident Erdogan: "Syýasatyň esasy dialog, gepleşikler we ylalaşyk içinde bäsdeşlikdir. Biziň pozisiýamyz ilkinji gün belli boldy. Goşant goşmak isleýän, bize çözgüt teklibini getirýän her bir adamy garşylaýarys. Hususan-da, "Terrorsyz Türkiýe" tapgyryny iň giň syýasy we jemgyýetçilik ylalaşyk bilen öňe sürmegi maksat edinýäris. Bu tapgyr nähili başlan bolsa, şu nokada nähili ýeten bolsa, maksadyna ýetýänçä çenli dowam etmegini isleýäris" diýdi.
Prezident bir ädim hem yza çekilmezden yzygiderli öňe gitmek arkaly Allanyň kömegi bilen bu meseläni milletiň gün tertibinden doly aýyrjakdyklaryny aýtdy.















