DÜNÝÄ
1 minut okamak
NATO Eskişehirde bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi
NATO: "Türkiýäniň gam-gussasyny paýlaşýarys we ýas tutýarka ýanynda durýarys" diýdi.
NATO Eskişehirde bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi
NATO Eskişehirde bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi
 

NATO-nyň Brunssum Umumy Güýçleri serkerdeligi (JFCBS) Eskişehirde harby dikuçar heläkçiliginde bäş esgeriň şehit bolmagy sebäpli Türkiýä gynanç bildirdi.

NATO-nyň Brunssum Umumy güýçleri serkerdeligi sosial media platformasyndan beren beýanatynda: "Şu gün bolan dikuçar heläkçiliginde bäş esgeriň şehit bolmagy sebäpli ýaranymyz Türkiýä çuňňur gynanç bildirýäris. Biziň pikirlerimiz şehit bolan esgerleriň maşgalalary, ýakynlary we ýoldaşlary bilen. Türkiýäniň gam-gussasyny paýlaşýarys we ýas tutýarka ýanynda durýarys” diýildi.

Milli Goranmak ministrligi Eskişehirde tälim uçuşy mahalynda Harby-howa güýçleri serkerdeligine degişli dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 esgeriň şehit bolandygyny habar beripdi.