Paýtagt Jakartanyň golaýynda ýerleşýän Banten sebitinde süýt esasynda taýýarlanan süýji we nahar önümlerini öndürýän fabrikde heniz anyklanmaýan sebäpden ýangyn ýüze çykdy.
Fabrikdäki ýangynyň başlamagyndan soň sebite gözleg-halas ediş we ýangyn söndüriş toparlary iberildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Indoneziýanyň Milli gözleg we halas ediş agentligi ýangyn sebäpli 3 adamyň ýogalandygyny, 4-si ýaraly ýagdaýda bolan jemi 15 adamyň halas edilendigini we ýiten 36 adamy tapmak üçin gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýan etdi.
Gözleg we halas ediş gullugynyň resmisi Rizki Dwianto ýangynyň başlanmagyna 12 sagat geçmegine garamazdan desganyň käbir ýerlerinde ýangynyň dowam edýändigini habar berdi.














