DÜNÝÄ
1 minut okamak
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
Kosta sammitiň esasy temasynyň Ukrainada adalatly we dowamly parahatçylygyň gazanylmagyna çalyşmak bolandygyny aýtdy.
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."
ÝB: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr."

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta ÝB-niň Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde ileri tutýan maksadynyň ot açmagy bes etmek, Gara deňzinde gämi gatnawynyň erkinligi we parahatçylyk ylalaşygy üçin zerur şertleri döretmekdigini belläp” "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr. Biz Ukraina goldawymyzy dowam etdireris" diýip nygtady.

Irlandiýanyň Dublin şäherinde geçirilen Ýewropa Syýasy Jemgyýetiniň 9-njy Sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Kosta sammitiň esasy temasynyň Ukrainada adalatly we dowamly parahatçylygyň gazanylmagyna çalyşmak bolandygyny aýtdy.

Kosta gepleşikleriň dowamynda Ýewropanyň ileri tutýan maksadynyň ot açmagy bes etmek, Gara deňzinde gämi gatnawynyň erkinligi we parahatçylyk ylalaşygy üçin zerur şertleri döretmekdigini aýtdy we Russiýanyň parahatçylyk üçin taýýardygyny görkezýän hiç hili alamat bermändigini habar berdi.

Antonio Kosta 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin diplomatik tagallalaryň güýçlenendigini belläp, Ýewropada howpsuzlygyň dikeldilmegini üpjün etjek parahatçylygyň aýdyň ýörelgelere esaslanmalydygyny nygtady.

Kosta Ukrainanyň öz geljegini erkin saýlap bilmelidigini, Ýewropanyň kontinental howpsuzlygyň geljegi barada gepleşik stolunda bolmalydygyny we Ýewropanyň howpsuzlyk arhitekturasynyň 1975-nji ýyldaky Helsinki Jemleýji Aktynda beýan edilen ýörelgelere esaslanmalydygyny belläp: "Öz howpsuzlygymyzyň Ukrainanyň howpsuzlygyna baglydygy aýdyňdyr. Biz Ukraina goldawymyzy dowam etdireris" diýip mälim etdi.