Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi düýn gije Malatýada bolan S-70 dikuçarynyň heläkçiliginde 4 esgeriň şehit bolandygyny ahabar berdi.
Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda: “Malatýada entek anyklanmadyk sebäp bilen S-70 kysymly dikuçarymyzyň heläkçilige uçramagy netijesinde, gämidäki 4 gahryman ýoldaşymyz şehit boldy. Şehitlerimize Alladan rehim, olaryň gam-gussaly maşgalalaryna, Türkiýäniň Ýaragly Güýçlerine we beýik milletimize gynanç we sabyr dileýäris” diýip nygtaldy.
Waka bilen baglanşykly Malatýa Respublika Prokuraturasy tarapyndan derňew işi başladyldy.






















