TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe NATO-da uly rol oýnaýar
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, Türkiýäniň NATO-daky rolyna ünsi çekdi.
Türkiýe NATO-da uly rol oýnaýar
Türkiýe NATO-da uly rol oýnaýar / AP (Wire)

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, Ýewropanyň iň uly harby goşunlaryndan birine eýe bolan Türkiýäniň gurama üçin uly ähmiýete eýedigini we gurama agza beýleki 31 ýurduň Türkiýä uly sarpa goýýandygyny aýtdy.

Mark Rutte, Irlandiýanyň paýtagty Dublinde geçirlen sammitiň çäginde metbugata beýannama berdi.

Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar we Türkiýäniň NATO-daky roly hakyndaky soraga jogap beren Rutte, “Türkiýe NATO-nyň esasy agzalaryndan biri. Ýewropanyň iň uly harby goşunlaryndan birine we goranmak senagaty boýunça Ýewropanyň  iň güýçli infrastrukturasyna eýe. Türkiýe ähli taraplaýyn guramanyň iň esasy ýurtlaryndan biri we gurama agza beýleki 31 ýurt Türkiýä uly sarpa goýýar” diýdi.