Rus harby goşunynyň Ukrainanyň paýtagtyna we Dnipropetrowsk sebitine guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 14 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Paýtagt Kiýewden 45 kilometr alysda ýerleşýän Dimerde 5 gatly bina guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 10 adama ýetdi.
Mesele hakynda Telegramdan berlen beýannamada, ýykylan binada gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Beýannamada gözleg we halas ediş işlerinde bir çaga bilen 79 ýaşyndaky zenanyň sag aman halas edilendigi nygtaldy.
Supermarket nyşana alyndy
Russiýanyň Wyşnewe şäherinde bolsa supermarkede guran hüjüminde 3 çaga ýogaldy, 15 adam bolsa ýaralandy.
Sebitde 1 öýe guralan hüjümde bolsa 1 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Hüjümler Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Ukrainanyň Krym köprüsine guran soňky hüjümlerine berk gaýtawul görkezjekdiklerini aýtmagyndan soň guraldy.















