MEDENIÝET
1 minut okamak
Türkiýeden daşarda ilkinji gezek geçirilýän Etnosport Medeniýet festiwaly Saud Arabystanynda başlady
Riýadda geçirilen 10 günlük festiwal dünýäniň dürli künjeklerinden däp bolan sport, sungat we medeni çäreleri bir ýere jemleýär.
Türkiýeden daşarda ilkinji gezek geçirilýän Etnosport Medeniýet festiwaly Saud Arabystanynda başlady
Etnosport Medeniýet festiwaly Saud Arabystanynda başlady
 

Etnosport Medeniýet festiwaly ilkinji gezek Türkiýäniň daşynda, Saud Arabystanynda öz işine başlady. Paýtagt Riýadda Riýad möwsüminiň çäginde geçirilýän festiwal däp bolan sport we medeni çäreleri myhmanlara hödürleýär.

Bütindünýä etnosport bileleşigi tarapyndan "Dünýäniň däp-dessurlary Riýadda" şygary astynda geçirilýän bu festiwal 19-28-nji noýabr aralygynda geçirler.

Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Er-Riýaddaky ilçisi Emrullah Işler, Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasynyň prezidenti Nejmeddin Bilal Erdogan, Saud Arabystanynyň Şa diwanynyň geňeşçisi we Baş güýmenje edarasynyň başlygy Turki Al Şeýh we agza federasiýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Erdogan Riýadyň Täze Murabba etrabynda geçirilen dabarada çykyş edip, bu festiwalyň Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Iki ýurduň umumy ynanç, taryh we halklarynyň arasyndaky berk gatnaşyklary paýlaşýandygyny aýdan Erdogan: "Hormat goýmak, jebislik, parahatçylyk we däp-dessurlarymyz üçin tagalla edip, aramyzdaky gatnaşyklary pugtalandyrmalydyrys" diýdi.