Awstraliýanyň Içeri işler ministri Tony Burke, Eýranyň zenan futbol komandasynyň ýene-de iki agzasyna başpenalyk hukugynyň berlendigini mälim etdi.
Içeri işler ministri Burka çarşenbe güni “Kanberra” gazetine beren beýannamasynda, Eýranly ýene-de iki türgeniň ozal başpenalyk hukugy berlen 5 türgeniň hataryna goşulandygyny nygtady.
Komandanyň beýleki agzalarynyň sişenbe güni ýerli wagt bilen ýary gije Sidneýden Eýrana yzyna dolanmaklaryndan soň türgenleriň bolýan myhmanhanasynda we howa menzilinde dartgynly pursatlaryň başdan geçirlendigi nygtaldy.
Awstraliýada ýaşaýan eýranlylar Eýrandaky zenanlaryň howpsuzlygyna alada bildirýär we ýurdy terk etmeklerini bökdemäge çalyşdy.
Geçen hepde eýranly türgenler Awstraliýada geçirlen bäsleşigiň öňüsyrasynda döwletiň milli senasy ýerine ýetirilýärkä dymmagy saýlap aldy. Bu hereket Eýrana garşy durmagyň nyşany hökmünde häsiýetlendirildi.
Türgenleriň soňky duşuşyklarynda Eýranyň döwlet senasyny ýerine ýetirendigine garamazdan meýletinler indi giçdigine ünsi çekdi.













