MEDENIÝET
1 minut okamak
Milli boksçy Hatije Akbaş ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Hatije Akbaş Bolgariýada geçirilýän Ýewropa Boks çempionadynda ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.
Milli boksçy Hatije Akbaş ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy
Milli boksçy Hatije Akbaş ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy

Bolgariýada geçirilýän 2026 Ýewropa boks çempionadyna gatnaşýan milli boksçy Hatije Akbaş ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Hatije Akbaş Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada Asiks Arenada geçirilýän çempionatda 51 kilogram agyrlykda bäsleşýär.

Dünýä we olimpiýada medalyna eýe bolan milli türgen britaniýaly bäsdeşi Ruby Whiti 3-2 hasabynda ýeňmegi başardy.

Hatije Akbaş ertir ýarym finalda polşaly Natalia Kuzewska bilen bäsleşer.

Ilkinji gezek 51 kilogram agyrlykda bäsleşýän Hatija Akbaş bu ýeňişi bilen bürünç medal almagy kepillendirdi.

Dünýä çempionadynda altyn we kümüş medalyň, olimpiada oýunlarynda bolsa kümiş medalyň eýesi bolan milli türgen Hatije Akbaş şeýlelikde Ýewropa çempionadynda ilkinji medalyny alar.