Stambul şäherinde Beşiktaş Tüpraş stadionynda geçirlen konsertde dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan italýan tenor Boçeli “Wiwere”, Wiwo per Lei” we Caruso” ýaly aýdymlary bilen birlikde “Romanza” albomyndan käbir aýdymlary ýerine ýetirdi.
Konsertde Boçelli bilen birlikde şol bir sahnada myhman hökmünde Kenan Dogulu hem çykyş etdi.
Türk aýdymçy Kenan Doguly “Il Mare Calmo Della Sera” aýdymyny ýerine ýetirdi.
Kenan Doguly konsertden öň “Anadolu Habarlar” gullugyna beren beýannamasynda, Boçelliniň görelde alýan esasy sungat ussatlaryndan biridigini we onuň bilen şol bir sahnada çykyş etmegiň özüni buýsandyrýandygyny belledi.
5 gezek Gremmy baýragyna we 6 gezek Latyn Gremmi baýragyna dalaşgärlige hödürlenen Boçelliniň 1997-nji ýylda çykaran “Romanza” albomy, gysga wagtda dünýäniň çar tarapynda 20 milliondan gowrak adama satyldy.
















