Duran, “NSosyal” platformasynda penşenbe güni beren habarnamasynda şu ýyl bäşinji gezek “Bir suprada miras” şygary bilen we Emine Erdogan hanymyň howandarlygynda geçirilýän çäräniň Anadolyda däp bolan tagamlary Türkiýäniň köp asyrlyk medeni mirasy bilen bilelikde dünýä tanadýandygyny nygtady.
Duran: “Halkyň hakydasy kä bir aýdymda, käte bolsa bir saçagyň daşyna jemlenşen ýüreklerde ýaşaýar” diýdi.
Ol türk aşhanasynyň asyrlaryň dowamynda diňe iýmit däl, eýsem bölüşmegiň, berekediň, myhmansöýerligiň we medeniýetiň iň ajaýyp sütünlerinden biri bolup gelendigini belledi.
Burhanettin Duran: “Bu manyly garaýşa ýolbaşçylyk eden hormatly hanymyň başda durmagynda, bu gymmatly mirasy dowam etdirýän ähli aşpezlerimize, öndürijilerimize, zähmet çekýän we medeniýetimizi geljege ýetirýänleriň ählisine minnetdarlyk bildirýärin hem-de Türk aşhanasy hepdeligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýdi.

















