COP31-iň başlygy we Türkiýäniň daşky gurşaw, şäher gurluşyk we howanyň üýtgemegi ministri Murat Kurum: "Her bir gepleşik bir nokatda tamamlanman biler. Käbir tamalar durmuşa geçmän biler. Şeýle-de bolsa, biz umumy öýümiz bolan dünýä üçin gürlemekden, diňlemekden we çözgüt gözlemekden ýüz öwürmeris" diýdi.
Ministr Kurum NSosyal hasabyndan beren beýanatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň hiç bir ýurduň ýeke özüniň hötdesinden gelip biljek meselesi däldigini aýtdy.
Murat Kurum bu umumy jogapkärçiligi ýerine ýetirmek we COP31-iň dowamynda ýurtlaryň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin iş alyp barandyklaryny belläp, gurama ýolbaşçylyk eden Prezident Rejep Taýýip Erdogana we Emine Erdogana hemaýatlary we gymmatly goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Murut Kurum: "Bu tapgyrdaky gepleşikler boýunça hyzmatdaşymyz Awstraliýanyň Howanyň üýtgemegi we energetika ministri Kris Bouen başda bolmak bilen Awstraliýanyň hökümetine, Birleşen Milletler Guramasynyň sekretariatyna we iki hepde Antaliýada öz ýurtlaryny wekilçilik eden we umumy pikir tapmak üçin tagalla eden ähli ýurtlaryň wekillerine we synçylara minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Her bir gepleşik bir nokatda tamamlanman biler. Käbir tamalar durmuşa geçmän biler. Şeýle-de bolsa, biz umumy öýümiz bolan dünýä üçin gürlemekden, diňlemekden we çözgüt gözlemekden ýüz öwürmeris” diýip nygtady.
Antalýada geçirilen dünýäniň iň uly howa sammiti bolan COP31 tamamlanmak bilen birlikde, sammitiň ahyrynda taslama karar kabul edilmedi.















