DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gazada 2025-nji ýylda ýogalanlaryň sanyň 2022-nji ýylda ýogalanlaryň sanyndan 4 esse köp
Gazada 2022-nji ýylda 6 müň 61 adam ýogalan bolsa şol san 2025-nji ýylda 24 müň 650 adama ýetdi.
Gazada 2025-nji ýylda ýogalanlaryň sanyň 2022-nji ýylda ýogalanlaryň sanyndan 4 esse köp
Gazada 2025-nji ýylda ýogalanlaryň sanyň 2022-nji ýylda ýogalanlaryň sanyndan 4 esse köp / Anadolu Agency (Wire)
 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş müdüri Munir al-Burş, 2025-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan Gaza guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň 2022-nji ýylda guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sanyndan 4 esse köp bolandygyny aýtdy.

Burş X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, sebitde meningite ýogalanlaryň sanynyň artýandygy we arassa agyz suwy ýetmezçiligi sebäpli saglygy goraýyş we daşky-gurşaw krizisiniň çuňlaşýandygy barada duýduryş berdi.

Gazada 2022-nji ýylda 6 müň 61 adamyň ýogalandygyny, şol sanyň 2025-nji ýylda 24 müň 650 adama ýetendigini aýdan Burş, şol sanyň Ysraýylyň hüjümlerinde, heläkçiliklerde we hassalyk sebäpli ýogalanlary öz içine alýandygyny ýatlatdy.

Burş Gazada infrastrktura uly zeper ýetirlendigi sebäpli arassa agyz suwy ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigi üçin ýokanç kesellere ýoluganlaryň sanynyň artyp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Gazadaky kanalizasiýa ulgamyna uly zeper ýetirlendigi, hapa suwy arassalaýjy desgalaryň hatardan çykarlandygy we ýagyşlar sebäpli hapa suwyň arassa suwa garyşmak ähtimallygy sebäpli keselleriň ýaýramak howpunyň artandygyny duýdurdy.

 Saglygy goraýyş ministrliginiň Baş müdüri Munir al-Burş, suw we kanalizasiýa infrastrukturasynyň hatardan çykarlandygy sebäpli ýokanç kesel howpunyň artýandygyna ünsi çekdi.

Burş halkara jemgyýetçiligine, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna we BMG-nyň Çagalara ýardam Gaznasy UNİJEF ýangyç ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy, suw we kanalizasiýa ulgamynyň abatlanmagy üçin zerur bolan enjamlaryň sebite girmegine rugsat berilmegi üçin çagyryş etdi.