Gazagystanda Türk film günleri başlady
TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Gazagystanda Türk film günleri başladyTürk film günleri 5 gün dowam eder
Gazagystanda Türk film günleri başlady / Anadolu Agency (Wire)
 

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen geçirilýän Türk film günleri Gazagystanyň paýtagty Astanada başlady.

Türk film günleri Mega Silk Waý söwda merkezindäki kinoetarynda dabaraly ýagdaýda başlady.

Gazagystanly sungady söýüjiler türk sungat ussatlaryna uly gyzyklanma görkezdi.

 Çäre ynsana we daşky gurşawyň arasyndaky gatnaşyklara ýer berilýän we COP31-iň çäginde görkezilen “Digerkam”filminiň görkezilmegi bilen başlady.

Türk film günleriniň açylyş dabarasynda Oskar baýraklarynda Iň gowy Halkara film kategoriýasyna Türkiýe tarapyndan resmi taýdan dalaşgärlige hödürlenen “Kesilen bir agaç ýaly” filmi hem görkezildi.

5 gün dowam etjek çäräniň çäginde “Beklenti” ýagny “Umyt”, “Mutluýuz mu?” ýagny “Bagtlymy?”, “Rafadan Taýfa: Kapadokýa” we “Bak Postajy Geliýor” ýagny “Seret poçtalýon gelýär” filmleri hem görkeziler.

Ýerli garaýyş jemgyýetiniň başlygy Gündogdu film günleriniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda iki ýurduň bilelikde film taslamalaryny taýarlamalydygyny nygtady.

Bilelikde surata düşüriljek filmleriň türk hem-de gazak sungat ussatlary, senaristler we prodýuserler üçin uly mümkinçilik hödürlejekdigini aýdan Gündogdu, şuňa meňzeş taslamalaryň pudaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly goşant goşjakdygyny belledi.

Gündogdu 6 ýyl ozal başladylan Gorkut Ata Türk dünýäsi film festiwalynyň hem bilelikdäki taslamalaryň höweslendirilmegini maksat edinýändigini ýatlatdy.

Türk sungat ussatlary gazak däp-dessurlary bilen tanyşdy

Türk film günlerine gatnaşmak üçin Astana giden türk sungat ussatlary, medeni çäräniň çäginde Gazagystanyň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşdy.

Paýtagtdaky etniki oba baran sungat ussatlary gazak çadyryna baryp gördi we atly gezelenç etdiler.