SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Eýranyň harby taýdan güýçden gaçýandygyny we söweşiň bes edilmegi baradaky karary Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen birlikde kabul etjekdigini aýtdy.
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy / Reuters
Duş 14 Ýek

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýekşenbe güni amerikan güýçleriniň Eýrana degişli ähli gämileri gark edendigini we raketa atyş platformalarynyň esasy bölegini ýok edendigini aýtdy.

“Fox Nýus” kanalyna beýannama beren Tramp, Amerika tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli Eýranyň harby taýdan güýçden gaçýandygyny nygtady.

Donald Tramp “Eýranyň ähli gämilerini diýen ýaly gark etdik we raketa atyş platformalarynyň esasy bölegini ýok etdik, diňe 20 göterimi galdy” diýdi.

Tramp Eýrana garşy ABŞ we Ysraýyl tarapyndan guralýan bilelikdäki hüjümleriň bes edilmegi kararyny Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen birlikde kabul etjekdigini aýtdy.

Tramp “Taýmes of Ysrael” gazetine beren beýannamasynda, Netanýahu bilen mesele hakynda pikir alyşýaryn, dogry wagtda karar bererin”diýdi.

ABŞ-nyň hüjümlerini bes edenden soň Ysraýylyň hüjümlerine dowam edip biljekdigi hakyndaky garaýşy ret eden Tramp, “Muňa hajat ýok” diýdi.

Ak Tam anna güni söweşiň 4 ýada 6 hepde dowam etmegine garaşylýandygyny mälim edipdi.

Wagt meselesi soňky bir hepde-de çalt üýtgedi we Tramp söweşiň näçe wagt dowam etjekdigi hakynda garaýyş beýan etmekden gaça durýar.

Sebitara dartgynlyk ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy giň gerimli hüjüm başlatmagyndan soň dartgynlaşdy.

Hüjümlerde Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamenei, ýokary çinli harbylar we 150-den gowrak okuwçy gyz bilen birlikde 1200 adam ýogaldy.

Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine we diplomatik wekilhanalaryna hüjüm guramak bilen garşylyk görkezdi.

Eýran tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 6 amerikan esgeri ýogaldy.Eýran dron we raketa hüjümlerini dowam etdirýär.

Beýleki tarapdan ýekşenbe güni ir ertir Eýranyň Hünärmenler Mejlisi, ýurduň täze dini lideri hökmüne kakasy Ali Hameneiniň ýerine Mojtaba Hameneiniň saýlanandygyny habar berdi.

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşuny Hameneiniň saýlanmagyna goldaw berdi.

Tramp “ABJ Nýus” kanalyna beren beýannamasynda “Ýaş Hamenei wezipesini uzak dowam etdip bilmez”diýdi.