Polşanyň Milli Goranmak ministriniň orunbasasary Magdalena Sobkoýawk Çarneska, Türkiýe bilen goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny isleýändiklerini aýtdy.
Ankarada saparda bolan Magdalena Sobkoýawk Çarneska, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Polşa bilen Türkiýäniň goranyş senagaty bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň ministrligi üçin diýseň möhüm meseledigini nygtady.
NATO-nyň çäginde iki ýurduň esgerleriniň biri-biriniň howpsuzlygyna goldaw berýändigini ýatladan Magdalena Sobkoýawk Çarneska, polşaly we türkiýeli inženerleriň birlikde möhüm taslamalary durmuşa geçirmegini isleýändigini nygtady.
Magdalena Sobkoýawk Çarneska, Türkiýäniň goranyş senagaty boýunça gazanan tejribelerinden peýdalanjakdyklaryna ünsi çekdi.












