UEFA Ýewropa ligasynyň 5-nji hepdesinde Beşiktaş futbol komandasy bilen Ysraýylyň wekili Hapoel Beer-Shewe Gruziýanyň Batumi Dinamo stadionynda duşuşdy.
Duşuşygyň 25-nji minudynda tribunada başdan geçirlen wakalara Gruziýanyň polisi aşa güýç ulanmak bilen garşylyk görkezdi.
Palestiniň baýdagyny göteren janköýerlere garşylyk görkezen howpsuzlyk güýçleri, gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Dartgynlyk sebäpli Beşiktaşly futbolçylar tribunalaryň öňüne çenli gelip janköýerlere asuda bolmaklaryny maslahat berdi.
Dartgynlygyň möwjemegi sebäpli duşuşygy gönükdirýän emin agza Morten Krog, duşuşyga arakesme berdi. İki komandanyň türgenleri hem emin agzalardan soň eşik çalşylýan otaga gitdi.
40 minut soň duşuşyk gaýtadan başlady.
Beşiktaş futbol komandasy bäsdeşini 2-1 hasabynda utdy.
Türkiýe Gruziýadaky janköýerleriniň ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanýar
Daşary işler ministrligi, Beşitaş futbol komandasynyň UEFA Ýewropa ligasyndaky duşuşygyna gatnaşmak üçin Gruziýanyň Batumi şäherine giden raýatlarynyň ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Daşary işler ministri Hakan Fidan Gruziýanyň Daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.












