Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Peskow Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Boris Jonsonyň ylalaşyk gazanylmadan ozal Ýewropa goşunlarynyň Ukraina iberilmelidigi baradaky beýanatyna teswir berip: "Daşary ýurt harby güýçleriniň Ukraina ýerleşdirilmegi rus tarapy üçin çürt-kesik kabul edilmez we ýol berilmez" diýip belledi.
Peskow Jonsonyň Ukraina krizisini çözmek prosesinde weýran ediji rol oýnandygyny we urşuň 2022-nji ýylda tamamlanmagynyň öňüni alandygyny aýtdy.
Dmitriý Peskow Russiýanyň Federal Statistika Gullugyna (Rosstat) guralan kiberhüjümiň netijesinde Ukrainadaky uruşda rus harbylarynyň ýitgileri baradaky maglumatlaryň syzdyrylmagy bilen baglanyşykly: "Russiýanyň Goranmak ministrligi adam pidalary baradaky maglumatlary aýan etmek babatynda resmi taýdan ygtyýarly ýeke-täk edaradyr. Şonuň üçin başga çeşmelerden paýlaşylan maglumatlar göz öňünde tutulmaly däldir" diýip nygtady.
Ýewropaly wekilleriniň Moskwa gelmegi bilen baglanyşykly hiç hili özgerişiň ýokdugyny bellän Peskow, Ukraina krizisini çözmek üçin gepleşikleriň mazmuny barada maglumat paýlaşmak islemeýändigini aýtdy.












