Ukrainanyň Dnepropetrowsk sebitleýin harby dolanşygynyň başlygy Aleksandr Ganja sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Kriwoý-Rogy nyşana alandygyny habar berdi.
Ganja hüjümde biri çaga bolmak bilen asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygyny we 52 adamyň ýaralanandygyny malim etdi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ukrainanyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugy (DSNS) hem beren ýazmaça beýanatynda Russiýanyň düýn gije Harkow sebitine guran başga bir howa hüjüminde bolsa 11 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.















