Wenesuelanyň Prezidenti Nikola Maduro 2,5 million esgeriň we partizanyň mobilizlenendigini mälim etdi.
Maduro ýurdy ABŞ-nyň hüjümlerine sezewar bolan halatynda “ýaragly göreşe” taýardyklaryny aýtdy.
Nikola Maduro teleýaýlym arkaly eden çykyşynda, Wenesuelanyň güýçlidigini we agzybirdigini, garaşsyzlygyny goramaga taýardygyny nygtady.
Maduro “Wenesuela hüjüme sezewar bolan halatynda garaşsyzlygyny goramaga we parahatçylygy ýola goýmaga taýar” diýdi.
Maduro Waşingtonyň ýurdy basyp almak üçin harby operasiýa guramaga şert gözleýändigini nygtady.
Wenesuelanyň Prezidenti Maduro, neşe söwdasy hakyndaky günäkärlemeleri häkimiýeti çalyşmak üçin bahana hökmünde häsiýetlendirdi.
Maduro “Olar ýurduň nebit gorlaryna gözegçilik etmek we ele geçirmek üçin häkimiýeti çalyşmak isleýärler” diýdi.
Prezident Maduro Karaipe harby güýç ornaşdyrmagyň uly göwrümli çaknylyga sebäp bolup biljekdigi dogrusynda duýduryş berdi.
Maduro “ABŞ we bütin dünýä munyň häkimiýeti çalyşmak, ýurdy durnuksyzlaşdyrmak, nebit-gazy, demiri we altynymyzy ele geçirmek üçin guralýan operasiýadygyny bilýär” diýdi.
Maduro, ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň ornaşdyrylmagyndan soň Waşington bilen gatnaşyklaryň saklanandygyny aýtdy.
“Ölüm hemleleri, bomba hemleleri we santaž arkaly aragatnaşygyň olar tarapyndan ýok edilendigini aýdyp bilerin” diýen Maduro, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubiony “ölüm we uruş lordy” hökmüne görýändiklerini belledi.
Maduronyň beren beýannamasyndan birnäçe sagat soň, ABŞ-nyň harby goşunynyň 2-nji sentýabrda 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ozalky hüjüminden soň Wenesueladandan neşe maddalaryny getirýändigi öňe sürülýän gämä hüjüm gurandygy we 3 adamy öldürendigi habar berildi.
ABŞ mundan başgada Maduronyň tussag edilmegi üçin 50 million dollarlyk pul baýragyny teklip etdi we neşe maddalaryna garşy göreşmek üçin Karaipe harby gämi ornaşdyrdy.










