DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär
Ukrainanyň Prezident diwanynyň iş dolandyryjysy Kyrylo Bugdano, Kiýewiň bähbitlerini gorajakdyklaryny aýtdy.
Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär
Ukrainanyň wekilleri parahatçylyk gepleşikleri üçin Ženewa gidýär / Reuters

Ukrainanyň wekilleri fewral aýynyň 17-18-i aralygynda ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde Russiýa bilen geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin Ženewa gitdi.

Ukrainanyň Prezident diwanynyň iş dolandyryjysy Kyrylo Bugdanow duşenbe güni Telegramdan beren habarnamasynda  “Gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşmak üçin Ženewa gidýäris. Gepleşikleriň Ukrainanyň bähbidine laýyklykda netijelenmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Russiýa bilen Ukraina şu ýyl ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde ilkinji gepleşigini ýanwar aýynyň 23-24-i aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçiripdi.

Gepleşiklerde Russiýanyň wekiliýetine, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Milli razwetka gullugynyň başlygy İgor Koskýukow ýolbaşçylyk edipdi.

Gepleşikleriň ikinji tapgyry hem fewral aýynyň 4-5-i aralygynda Abu-Dabide geçirlipdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, geçen hepde beren beýannamasynda gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň Russiýa-ABŞ-Ukraina gepleşiginiň fewral aýynyň 17-18-i aralygynda Ženewada geçiriljekdigini mälim edipdi

 

 

 

Öwren
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok