DÜNÝÄ
2 minut okamak
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Russiýa BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi hakynda öňe sürülýän garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz" / Reuters
Duş 11 Ýek

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow, ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegini maksat edinýändigi hakyndaky garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.

Şenbe güni TASS habarlar gullugyna beýannama beren Ryabkow, guramanyň harby hyzmatdaşlyk ýada harby taýdan kömek bermek jogapkärçiligi bolan kollektiw howpsuzlyk guramasy bolmandygyny aýtdy.

“Guramany harby hyzmatdaşlyga öwürmek barada hiç hili meýilnama ýok” diýen Ryabkow 10 agzaly guramanyň harby türgenleşik geçirmek ýada ýarag gözegçiligi ýaly jogapkärçiliginiň ýokdygyny belledi.

Ryabkow ýaňy ýakynda Günorta Afrikada geçirlen deňiz türgenleşiginiň gurama bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny belledi.

Ýanwar aýynyň 9-16-sy aralygynda Hytaýyň, Eýranyň we Russiýanyň gatnaşmagynda “Will for Peace 2026” türgenleşigi geçirlipdi.

Eýrana goldaw bermek

BRICS 2009-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý tarapyndan döredilýär. Günorta Afrika 2010-njy ýylda gurama agza bolýar. Müsüriň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Efiopiýanyň, Indoneziýanyň we Eýranyň gurama agza bolmagy bilen birlikde agza sany 11-e ýetýär.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda mukdarynyň çalt depginde ösýändigini aýtdy.

Guramanyň Eýran bilen arkalaşykly hereket edýändigini we resmi Tährana goldaw berýändigini aýdan Ryabkow, Moskwa bilen Pekiniň yzygiderli ýagdaýda Eýran bilen aragatnaşyk saklaýandygyny ýatlatdy.

Ryabkow Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşiklere goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.

ABŞ- bilen Eýranyň arasyndaky aýlawly gepleşikler

ABŞ bilen Eýran Omanyň töwellaçylyk etmeginde 6-njy fewralda Maksatda aýlawly gepleşik geçirdi.

2025-nji ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna guran hüjümlerinden 8 aý soň geçirlen aýlawly gepleşikde Tähranyň ýadro maksatnamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki tarapdan Waşington sebite harby güýç ornaşdyrmaga dowam edýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ykdysady şertleriň agyrlaşmagy sebäpli ýurtda geçirlen protest ýörişlerinden soň ylalaşyk gazanylmagy meselesinde duýduryş berýär.