DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Gaza söweşiniň tamamlanandygyny aýtdy
Tramp Hamasyň zamun alynan ähli ysraýylly ýesirleri we Ysraýylyň palestinaly tussaglylary boşatmagyndan soň Ysraýylyň Gazadaky söweşiniň gutarandygyny aýtdy.
Tramp Gaza söweşiniň tamamlanandygyny aýtdy
Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, duşenbe güni beren beýanatynda, Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza garşy söweşiniň resmi ýagdaýda tamamlanandygyny habar berdi. Tramp bu beýanatyny Palestinanyň garşylyk topary Hamasyň kenarýakada saklaýan 20 sany ysraýylly ýesiri boşatmagyndan birnäçe minut soň berdi.

Metbugat işgärleriniň biriniň urşuň gutaryp-gutarmandygy bilen bagly soragyna, Ysraýylyň parlamenti Knessetde deputatlara ýüzlenmäge taýýarlyk görüp durka, gysgaça "Hawa" diýip jogap berdi.

Anadolu gullugynyň (AA) habarçysynyň habaryna görä, Hamasyň harby ganaty Al Kassam Brigadalary duşenbe güni ysraýylly 20 ýesiriň boşadylmagynyň tamamlandygyny habar berdi.

Zamun alnanlar iki topar görnüşinde Gazadaky Gyzyl Haç toparlaryna berildi.

Trampyň Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 20 maddadan ybarat ýaraşyk şertnamasy, ysraýylly zamun alnanlaryň boşadylmagynyň öwezine 250-si ömürlik azatlykdan mahrum edilen 1868 palestinaly tussaglynyň boşadylmagy bilen dowam edýär.

Palestinaly ýesirler metbugat ofisiniň beren maglumatyna görä, palestinaly ýesirleri alyp barýan awtobuslar duşenbe güni Ysraýylyň tussaghanalaryndan Gaza we basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýa tarap ýola çykdy.

Öwren
Russiýa: "Ukraina we Ýewropa urşy dowam etdirmäge taýýarlyk görýär” diýdi
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
NATO-Ukraina Geňeşiniň maslahaty Brýusselde geçirildi
Siriýanyň Prezidenti Şara resmi sapar bilen Saud Arabystanyna gitdi
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys