DÜNÝÄ
2 minut okamak
Haja barýan liwiýaly uçara alynmady, birnäçe wagt soň uçarda iki gezek tehniki näsazlyk ýüze çykdy
Geň galdyryjy wakalardan biri Liwiýada başdan geçirildi. Haja barýan liwiýalynyň uçara münmegine rugsat berilmändigi sebäpli uçar iki gezek yzyna dolanmaly boldy.
Haja barýan liwiýaly uçara alynmady, birnäçe wagt soň uçarda iki gezek tehniki näsazlyk ýüze çykdy

Ynsanlar bu wakany ylahy gudrat hökmünde häsiýetlendirdi.

Liwiýaly Amer Al Mansour Kaddafi, Saud Arabystanyna haja gitmek üçin garaşýan hajylyga dalaşgärler bilen birlikde uçara münmek üçin taýarlanýardy.

Emma soňky pursatda Liwiýanyň merkezinde ýerleşýän halkara Sebha howa menzilindäki immigrasiýa işgärleri tarapyndan uçara münmegine rugsat berilmedi. Familiýasy Kaddafi bolandygy üçin Liwiýanyň agdarlan lideri Muammed Kaddafi bilen arabaglanşygynyň bolup biljekdigi sebäpli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan bellige alynandygy görüldi.

Onuň yzygiderli haýyşlaryna garamazdan Kaddafi uçara alynmady we uçar Saud Arabystanyna tarap uçdy.

Maşgala agzalary we howa menziliniň işgärleri oňa ýagdaýy kabul edip öýüne gitmegini maslahat berdi. Emma ol egilşik etmedi.

Gulf Nýusyň berýän habaryna görä, Kaddafi “Bu ýerden diňe Hajy bolmak üçin giderin” diýdi.

Şol pursatlarda täsin waka başdan geçirildi

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, uçar uçandan gysga wagt soň tehniki näsazlyk sebäpli howa menziline yzyna dolandy.

Uçaryň howa menziline gonmagyndan soň howa ýollarynyň hünärmeni uçarmandan Kaddafiniň uçara alynmagyny haýyşt etdi.

Emma uçarman hereketlendirijileriň işleýändigi sebäpli uçaryň gapysyny açyp bilmejekdigini aýtdy we logistiki kynçylyklar sebäpli bu haýyşy kabul etmedi.

“Men onsuz uçmaryn”

Garaşylmadyk ýagdaýda uçarda ikinji gezek tehniki näsazlyk ýüze çykdy.

Arynýusyň berýän habaryna görä, uçarman “Amer bu uçarda bolmasa men uçmaryn” diýip duýdyryş berdi.

Ýolagçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Kaddafiniň uçara münmegine rugsat berildi. Şol pursatlar wideo ýazga alyndy we sosial mediada giňden paýlaşyldy.

Kaddafi ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasyna “Men diňe haja gitmek isledim. Eger bu meniň ykbalymda ýazylan bolsa, hiçbir güýç muny saklap bilmez”diýdi.

Her ýyl müňlerçe musulman Haj zyýaratyna gidýär.

Haj musulmanlar üçin dini parz bolup, fiziki we maliýe taýdan mümkinçiligi bolanlaryň ömründe azyndan bir gezek ýerine ýetirmeli borjudyr.

Musulmanlar bu mukaddes ýolagçylygyň Allanyň saýlan bendelerine beren çagyryşydygyna ynanýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Russiýanyň Leningrad sebitindäki Wildberries ammaryna UHU hüjüminde üç adam ýaralandy
Ysraýylyň goşuny Gazadaky käbir öýleri howa hüjümleri bilen nyşana aldy
ABŞ-nyň goşuny Eýrandaky harby nyşanalara täze hüjümler gurady
Ukrainanyň lideri: "Russiýanyň Pawlograda guran hüjüminde üç adam öldi" diýdi
Pakistanda we Hindistanda aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany artýar
Ýemendäki Husiler Gyzyl deňizde Saud Arabystanyna degişli tankerlere hüjüm gurady
Eýranyň Huzistan welaýatynda ABŞ-nyň raketa hüjümlerinde iki adam ýogaldy
ABŞ-nyň Eýranda B-1 harby uçarlaryny gaýtadan ulanmaga başlandygy öňe sürüldi
Ysraýylyň Gaza hüjümlerinde soňky 24 sagatda 12 adam ýogaldy
ABŞ bilen Ysraýylyň Minab şäherinde mekdebe guran hüjüminde ýogalan 32 çaga soňky ýoluna ugradyldy
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy
Eýran ABŞ-nyň ýadro desgalaryny nyşana alsa, sebitleýin hüjümleri amala aşyrjakdygyny duýdurdy
ASEAN dartgynlyklaryň möwjeýän günlerinde jebislik çagyryşyny berdi
Halil al-Haýýe Hamasyň syýasy lideri hökmünde bellendi
ABŞ Eýrana guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Eýranyň prezidenti Pezeşkiýan: "Ykdysady basyşlar harby mümkinçiliklerimze zyýan ýetirip biler"
Lawrow Çoe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşdy
Eýranyň Mejlisiniň başlygy Kalibaf: "ABŞ sebite täze harby enjamlary getirmegini dowam etdirýär"
Wenesueladaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 5208 adama ýetdi
Hindistanda güýçli ýagyşlar sebäpli on alty adam ýogaldy