Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýär
TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe seýrek ýer elementleriniň global bazarynda güýçli pozisiýa eýelemegi maksat edinýärABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda urşunyň güýjeýän günlerinde seýrek gabat gelýän ýer elementleriniň baý gorunyň tapylmagy Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk we goranyş önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi bolmagyna itergi berer.
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar
30 Oktýabr 2025

Türkiýäniň merkezi sebitlerinde uly möçberde seýrek ýer elementleriniň (REE) gorlarynyň tapylmagy ýurdy sap energiýa we goranyş pudaklary üçin global üpjünçilik zynjyrlarynda esasy pozisiýa ornaşdyryp biler.

Eskişäheriň Beylikowa sebitinde tapylan ätiýajyň 694 million tonna barabardygy çak edilýär, bu bolsa Türkiýäni seyrek ýer elementleri boýunça Hytaýdan soň dünýäde ikinji orna göterýär.

Seyrek ýer elementleri, mobil telefonlardan, elektrik ulaglaryndan we ýel turbinleriniň generatorlaryndan we takyk gönükdirilýän raketalara çenli häzirki zaman durmuşynyň görünmeýän hereketlendirijileri bolup durýan 17 sany gymmatly metaldan ybaratdyr.

 Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň aýtmagyna görä, Türkiýe seyrek ýer elementleri pudagyny ösdürmek üçin halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikler geçirýär.

Erdogan: “Biziň maksadymyz dünýäde seyrek ýer elementleriniň iň iri bäş öndürijisinden  bolmak” diýdi:

 Türkiýäniň bu açyşy ABŞ bilen Hytaýyň elementler boýunça söwda urşunyň dowam edýan günlerine gabat geldi. Pekin Waşingtona eksporty çäklendirdi, bu bolsa ABŞ-na uly zarba urdy, sebäbi onuň awtoulag, telefon we ýarag önümçilik pudaklary esasan Hytaýyň üpjünçiligine garaşly.

Stambulyň Tehniki Uniwersitetiniň Magdançylyk fakultetiniň dekany Mustafa Kumral TRT Worlde beren beýannamasynda şeýle diýdi: “Bu asyrda güýç diňe bir seyrek ýer elementleriniň gorlarynyň möçberine bagly bolman, eýsem olary arassalamak, işlemek we ulanmak ukybyna bagly bolar.”

Seýrek ýer elementleri global üpjünçilik zynjyrlarynda möhüm orun eýeleýär, sebäbi olar hemişelik magnitleriň güýjüni üpjün edýär – elektrik energiýasyndan garaşsyz magnit giňişligini emele getirýän metallar.

Şol magnitler elektrik hereketlendirijileri ýeňilleşdirýär, turbinleri has netijeli işledýär we takyk ýaraglaryň ukybyny hasam ýokarlandyrýar.

Mustafa Kumral magnit elementleriniň – neodim, prazeodim, disproziý we terbiý ýaly elementleriň – global element söwdasynyň mukdarynyň 90 göteriminden gowragyny emele getirýändigini, emma umumy göwrümiň diňe kiçi bölegini düzýändigini belledi.

Şol “magnit metallaryna” gözegçilik global ykdysady güýç, tehnologiki artykmaçlyk we geosyýasy pozisiýa bilen deňdir” diýip, Kumral sözüniň üstüni ýetirdi.

Seýrek ýer elementleriniň gorunyň tapylmagy möhüm döwre gabat geldi. Möhümýetli minerallar bazarynyň 2040-njy ýyla çenli 325 milliard dollardan 770 milliard dollara çenli ösmegine garaşylýar.

Döwletler bu pudakda tas dolulygyna Hytaýa degişli bolan monopoliýadan daşlaşmak üçin bäsleşýärler. Sebäbi Aziýanyň ägirdi häzirki wagtda dünýä üpjünçiliginiň 90 göterimini gaýtadan işleýär.

Türkiýe üçin bu açyş seýrek ýer elementi  segmentine tarap bolup durmakdan ýokary hümmetli innowator derejesine göterilmek we köp blokly serişde bäsleşiginde öz ornuny gaýtadan kesgitlemek üçin şert döredýär.

Öwren
Türkiyäniň harby ýük uçary Gruziýa-Azerbaýjan serhediniň golaýynda heläkçilige uçrady
Fidan: ABŞ Waşingtondaky gepleşiklerden soň Siriýanyň birleşmegine bolan zerurlygyna düşündi
Erdogan: Türkiyäni güýçlendirmek Atatürkiň mirasyna hormat goýmak diýmekdir
Atatürkiň Salonikdäki öýi abatlandy
Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-da saparda bolar
Erdogan: Owganystan bilen durnuksyz ýaraşyk dowam edýärkä türk wekiliýeti Pakistana sapar gurar
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiye kiber içalylyk bilen bagly geçiren reýdlerinde şübhe astyndaky iki adamy tussag etdi
Erdogan bilen Dibeýbe Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Britaniýanyň Ankaradaky ilçisi: “Türkiýe Siriýanyň galkynyşynda uly rol oýnaýar”
Türkiye Gazadaky ýaraşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi
Türkiye Gazada ýaraşygyň ýol meýilnamasyny maslahatlaşmak üçin Stambulda Hamas bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýada saparda bolýar
Altaý tanky Türkiýäniň goranyş güýji we global maksatlary üçin täze bir döwri delillendirýär
Türkiye noýabr aýynda Siriýa üstaşyr transport gatnawyny başladar
Türkiýe Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna görä hereket eder
Fidan: Ysraýyl Gazadaky ýaraşygy sabotaž etdi we onuň jogabyny bermeli
Erdogan: Türkiye goranyş taslamalary boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyny tizleşdir
Prezident Erdogan Al-Faşirdäki asuda ilat gyrgynçylygyny ýazgardy
Pakistan bilen Owganystan 6-njy noýabrda Stambulda gepleşikleri dowam etdirerler