Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, sişenbe güni Moskwada metbugata beren beýannamasynda, Ukraina gepleşiklerine gatnaşýan taraplaryň gepleşik platformasy hökmünde Stambula oňyn garaýandyklaryny we şol sebäpli gepleşikleriň Stambul şäherinde geçiriljekdigini nygtady.
Peskow “Elbetde Stambul alternatiwine hemmeler oňyn garaýar” diýdi.
Peskow gepleşikleriň ozalky tapgyryna ýer eýeçiligini eden we gepleşikler üçin amatly şert döreden Birleşen Arap Emirliklerine sag bolsun aýtdy.
Kremliň metbugat sekretary Peskow “Gepleşikleriň geçirilmegine öňbaşçylyk edendigi we gepleşikleriň geçirilmegi üçin amatly şert döredendigi üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümetine minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.
Russiýada internediň kesilmegi barada hem durup geçen Peskow, howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin zerur halatynda internediň kesiljekdigini ýatlatdy.










