DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Halkara Energiýa gözegçilik gullugyna agza ýurtlaryň adatdan daşary ýagdaýda 400 million barrellik nebiti satuwa çykarandygyna garamazdan Ormuz bogasynyň ýapylmagy sebäpli nebitiň bahasy ýokarlady.
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi
Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli nebitiň barrel bahasy 100 dollardan geçdi / Reuters
Duş Ýek

“Al Jezire” teleýaýlymy, Halkara Energiýa gözegçilik gullugyna agza 32 ýurduň adatdan daşary ýagdaýda 400 million barrellik nebitiň satuwa çykarylmagy barada ylalaşyk gazanandygyna garamazdan, nebitiň barrel bahasy penşenbe güni 101 dollardan geçdi.

Halkara görkezijilere görä, Brent nebitiň bahasy Ormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli 20 göterim artdy.

Brent nebitiň barrel bahasy, ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan bilelikdäki hüjümi sebäpli jemi 38 göterim ýokarlap we Türkiýe wagty boýunça sagat 02.00-da 101 dollara ýetdi.

Halkara Energiýa gözegçilik gullugynyň başlygy çarşenbe güni beren beýannamasynda, gurama agza ýurtlaryň Ýakyn Gündogardaky söweş sebäpli energetika bazarynyň durnuklylygy üçin strategik ätiýaçlaryndan 400 million barellik nebitiň satuwa çykarylmagy boýunça ylalaşyk gazanandygyny mälim edipdi.