Eýran 28-nji fewralda ýurduň günortasyndaky Minab şäherindäki başlangyç mekdebe guralan raketaly hüjümi "bagyşlanmajak" harby jenaýat hökmünde häsiýetlendirdi we jogapkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ismail Bekaýi çarşenbe güni Eýranyň resmileriniň aýtmagyna görä, 168 okuwçynyň ölümine sebäp bolan hüjümiň jezasyz galmaly däldigini aýtdy.
Bekaýi “X” hasabyndan beren beýanatynda 28-nji fewralda Minab şäherinde amala aşyrlan iki gezek atylýan amerikan “Tomagawk” raketaly hüjümiň “Eýranly 168 kiçijik perişdäni öldürendigini” aýdyp, munuň “jezasyz galmaly däldigini, bagyşlap bolmajak agyr harby jenaýatydygyny” mälim etdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesi mundan öň hüjümiň Eýranyň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň Minab şäherindäki gyzlaryň başlangyç mekdebini nyşana alandygyny habar beripdi. Hasabata görä, hüjümde okuwçylar we mugallymlar bilen birlikde 170-den gowrak adam öldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp mundan ozal hüjümiň arkasynda Eýranyň bolmagynyň mümkindigini öňe sürüp, "Meniň görenlerime esaslanyp, muny Eýran etdi diýip bilerin" diýipdi.
Hüjümiň ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan giňden ulanylýan "Tomagawk" kruiz raketalary bilen amala aşyrylandygy barada habarlar peýda bolandan soň, Tramp hiç hili subutnama bermezden, Eýranyň käbir "Tomagawk" raketalaryna eýedigini öňe sürüpdi. Bu öňe sürmäniň birnäçe wagt soň ýalandygy subut edildi.
Çarşenbe güni ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dowam edýän harby derňewiň deslapky netijelerine salgylanyp çap edilen habarlarda hüjümiň ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan amala aşyrylan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.
Hüjüm bilen bagly derňew işleri dowam edýär.









