Ýerli ýolbaşçylaryň berýän habaryna görä, anna güni Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň çetki etraplaryndan birinde metjitde güýçli partlama boldy. Partlamada azyndan 30 adamyň ýogalandygy, 130-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.
Yslamabadyň Tarlai etrabyndaky metjide kamikaze hüjüminiň guralandygy we hüjümden soň derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.
AFP-ä beýannama beren ýokary derejeli ýolbaşçy, wakada ýogalanlaryň sanynyň artmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
AFP-nyň foto habarçysy, Pakistanyň Lukmançylyk institutyna degişli hassahana partlamada ýaralanan onlarça adamyň getirlendigini habar berdi.
Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, partlama uly gynanç bildirýändigini we wakany berk ýazgarýandygyny aýtdy.
Içeri işler ministri Tarig Fazal Çaudry X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda hüjümi berk ýazgardy we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.
Noýabr aýynda Yslamabatda kazyýet binasynyň golaýynda guralan hüjümde hem 12 adam ýogalypdy.
Pakistanyň harby goşuny hüjümden soň geçiren operasiýalaryndan 200-den gowrak terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.










