DÜNÝÄ
1 minut okamak
Saud Arabystany Ýemene 368 million dollarlyk kömek berer
Maliýe kömegi saglygy goraýyş, döwlet bujeti we ýangyç üpjünçiligi ýaly möhüm hyzmatlaryň dowam etdirilmegi üçin ulanylar.
Saud Arabystany Ýemene 368 million dollarlyk kömek berer
21 Sentýabr 2025

Saud Arabystany, Ýemendäki ykdysady krizisin ortadan aýrylmagy maksady bilen Reşad Al Aliminiň ýolbaşçylygyndaky Ýemeniň hökümetine 368 million dollarlyk maliýe kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi, şenbe güni Ýemeniň Galkynyş we üýtgedip gurmak meýilnamasynyň çäginde 368 million dollarlyk täze maliýe kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

Ýemendäki ykdysady şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygyna ünsi çeken Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi, Şa Salman bin Abdulaziziň tabşyrygy boýunça şeýle kararyň kabul edilendigini nygtady.

Reşad Al Aliminiň çagyryşyna laýyklykda Saud Arabystanynyň Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetine goldaw berýändigi bellenildi.

Maliýe kömegi saglygy goraýyş, döwlet bujeti we ýangyç üpjünçiligi ýaly möhüm hyzmatlaryň dowam etdirilmegi üçin ulanylar.

Ýemen onlarça ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli agyr günleri başdan geçirýär.

Husiler 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde ýurduň käbir sebitlerine gözegçilik edýär.

BMG, 30 million ilaty bolan Ýemende 22 milliondan gowrak adamyň ynsanperwer kömegine mätäçdigini mälim etdi.

Arassa agyz suwy, azyk we derman ýetmezçiligi sebäpli asuda ilat agyr günleri başdan geçirýär.

 

ÇEŞME:TRT
Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy